Repçi Snup Dogg Olimpiada-2026-da ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi boldy

15.12.2025, 04:215,679

Snup Dogg (Snoop Dogg) lakamy bilen tanalýan amerikaly repçi Kelwin Kordozar Brodus-kiçi öňümizdäki 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hormatly tälimçisi diýlip bellendi. Bu barada ABŞ-nyň Milli Olimpiýa komiteti habar berdi.

Bu wezipe meýletin bolup, sport desgalaryndan daşary ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň agzalaryna ahlak goldawyny bermäge we ruhlandyrmaga gönükdirilýär. Komitet özüniň halypalyk we jemgyýetçilik işi bilen belli bolan artistiň topara “özboluşly gülkini we ruhubelentligi” getirjekdigini belledi.

“Hakyky ýyldyzlar – bu ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň türgenleri, men bolsa bu ýerde olaryň göwnüni götermek, goldamak we gapdaldan biraz pähim-paýhas bilen paýlaşmak üçin” – diýip, Snup Dogg belleýär.

Ozal sazanda Olimpiýa hereketine işjeň gatnaşypdy. Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda ol Olimpiýa alawyny göterdi, ýapylyş dabarasynda çykyş etdi we breýk-tans boýunça ýaryşlara bardy. Şeýle-de, ol NBC teleýaýlymynyň ýörite habarçysy bolup işledi. 2026-njy ýylyň 6-njy fewralyndan 22-nji fewraly aralygynda Italiýanyň Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde geçiriljek gyşky Oýunlara hem repçi žurnalist hökmünde barar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.