Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

31.03.2026, 15:0713,537
1 / 2

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda Bangkokyň «Rajamangala» stadionynda geçirildi.

Oýnuň 14-nji minutynda S.Burirat burçdan depilen topy kellesi bilen urup, hasaby açdy (1:0). Ikinji ýarymda Türkmenistanly futbolçylara hasaby deňlemek başartdy – 60-njy minutda Timur Çaryýew jerime meýdançasynyň daşyndan güýçli zarba bilen topy derwezä girizdi (1:1).

Oýnuň tamamlanmagyna az wagt galanda, has takygy, 89-njy minutda M. Bir ýene-de burçdan depilen topy kellesi bilen urup, Tailanda ýeňiş getiren goly geçirdi (2:1).

Soňky tapgyryň öňüsyrasynda iki toparyň hem 12 utugy bardy. Aşgabatda geçirilen ilkinji oýunda 3:1 hasabynda ýeňiş gazanan Türkmenistana bu gezek deňme-deň hasap hem ýeterlik boljakdy. Tailanda bolsa diňe ýeňiş gerekdi. 

Şeýlelikde, Tailand 15 utuk gazanyp, «D» toparynda birinji ýeri eýeledi we Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogy – 2027-ä gatnaşmaga hukuk gazandy.

Toparda Şri-Lankanyň ýygyndysy 9 utuk bilen üçünji, Hytaý Taýbeýi bolsa hiç hili utuksyz soňky ýeri eýeledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.