ABŞ-da 15 ýaşly towuk uzak ýaşamak boýunça rekord goýdy

23.04.2026, 10:288,093

ABŞ-da ýaşaýan Gerti lakamly towuk "dünýädäki iň garry towuk" diýlip ykrar edildi. Rekordyň hasaba alnan pursadynda onuň 15 ýaşy dolup, 100 gün geçipdi.

Altyn sebraýt tohumyna degişli bu guş 2010-njy ýyldan bäri Meýn ştatynda Frenk Turekiň hojalygynda ýaşaýar. Eýesiniň bellemegine görä, towuk jüýjelikde-de özi ýalylardan saýlanýan ekeni.

Ýaşy ulaldygyça Gertiniň saglygy gowşady. Ýumurtga bermesini kesip, gözleri-de doly diýen ýaly görmän başlady. Şondan soň ony öýe geçirdiler we guş häzirki wagtda aýratyn ýaşaýar.

– Gertini kör bolaly bäri, her agşam syryga özüm çykarýardym. Ýöne geçen aý ugruny tapyp, syryga özi çykyp başlady – diýip, eýesi gürrüň berdi.

Ol towugyň uzak ýaşamagyna oňat gorag-ideg we amatly ýaşaýyş şertleri täsir edendir diýip hasaplaýar.

Iýul aýynda Gertiniň 16 ýaşy dolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.