Barlaglar çagalaryň almakdan paýlaşmagy has gowy görýändigini tassyklady

29.04.2026, 09:541,565
1 / 2

Çagalar özlerine sowgat berilenden-de has beter, şol sowgady kimdir biri bilen paýlaşan wagtlary özlerini bagtly duýýarlar diýip, Developmental Science žurnalynda çap edilen barlagyň netijelerinde aýdylýar. 

​Barlag işine bir ýaş dört aýlykdan iki ýaşa çenli bolan 134 çaga gatnaşdyryldy. Ata-eneleriň täsirini aradan aýyrmak üçin, synag mahaly ulular gulaklyk dakynyp, gözlerini-de ýumup oturdylar.

​Çagalara «iýmegi gowy görýän» oýunjak maýmyn tanyşdyryldy. Alymlar ilki çagalara sekiz sany süýjülik berip, olaryň sowgada bolan gyzyklanmasyny oýardylar. Soňra çagalar tötänleýin düzgün boýunça dört dürli ýagdaýa duçar edildi:

  • ​Öz süýjüligini maýmyna bermek («ýitgili paýlaşma»);
  • ​Alymyň beren täze süýjüligini oýunjaga bermek («ýitgisiz paýlaşmak»);
  • ​Ulularyň süýjüligi maýmyna berýänini synlamak;
  • ​Süýjüligi diňe özünde galdyrmak.

​Çagalaryň şatlyk derejesi garaşsyz bilermenler tarapyndan ýedi ballyk ulgam boýunça, wideoýazgylardaky ýüz keşplerini seljermek arkaly kesgitlendi. Netijeler süýjülik sowgat almakdan ýa-da alymyň görkezmesini ýerine ýetirmekden paýlaşmagyň has köp şatlyk getirýändigini görkezdi.

​Statistik seljeriş çagalaryň diňe bir oýunjagy «begendirendikleri» üçin şatlanman, eýsem, eden sahawatlaryndan hakyky içki lezzeti alandyklaryny tassyklady.

​Wiktoriýa uniwersitetiniň dosenti we barlagyň awtory Enda Tan, serişdeleri paýlaşmaga bolan höwesiň çagalykda örän ir ýüze çykýandygyny belleýär. Psihologlar bu duýgyny «ýyly şöhle» (warm glow) diýip atlandyrýarlar.

​Alymlar geljekde bu barlagyň gerimini giňeltmegi we çagalaryň şatlygyny göz garagynyň ulalmagy ýa-da deriniň elektrik geçirijiligi ýaly biologik görkezijiler arkaly has takyk tassyklamagy meýilleşdirýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.