Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

19.06.2026, 14:403,057

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada «People» neşiri habar berýär.

Barlag Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş we ideg barlaglary institutynyň (NIHR) goldawy bilen geçirildi. Gözlegçiler «90-njy ýyllaryň çagalary» taslamasyna gatnaşan 15 müň töweregi adamyň maglumatlaryny seljerdiler.

Ukynyň dowamlylygy alty aýlykdan ýedi ýaşa çenli aralykda bahalandyryldy, şondan soň şol adamlaryň 12,5 ýaşdan 22 ýaşa çenli döwürdäki depressiýa alamatlary baradaky maglumatlar öwrenildi.

Netijelere görä, alty aýlykdan ýedi ýaşa çenli döwürde kadaly ukyly bolmadyk çagalaryň geljekde depressiw alamatlaryň ýokary derejesi barada habar bermek ähtimallygy iki esse ýokary boldy.
Barlagyň baş awtory Izabel Morales-Munýos: «Depressiýanyň ösüş töwekgelçiliginiň iki esse artmagy köp görünmegi mümkin, ýöne biz dowamly uky meseleleriniň diňe birnäçe gatnaşyjylara degişlidigini we çagalaryň diňe kiçi bir böleginiň yzygiderli depressiw alamatlary başdan geçirmegini dowam etdirendigini belledik» — diýip düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, çagalykdaky uky ýetmezçiligini aradan aýyrmaklyk ruhy saglyk üçin uly peýda getirip biler we käbir ýagdaýlarda emosional bozulmalary has soňky ýaşlarda bejermekden has aňsat bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.