Çep elinden gelýär: haýsy ýurtlarda çepbekeýler köp we beýleki ýurtlarda näme üçin az?

Düýn, 23:032,866
1 / 2

Dünýäde adamlaryň ortaça 12 göterimi çepbekeý hasaplanýar. Emma olaryň sany ýurtlara görä ep-esli tapawutlanýar. World Visualized neşiriniň maglumatlaryna görä, çepbekeýleriň iň köp ýaşaýan ýurdy Niderlandlar bolup, bu ýerde olar ilatyň 13,2 göterimini düzýär. Ikinji orunda bolsa Belgiýa bilen ABŞ 13,1 göterim görkeziji bilen deňligi saklaýar.

Tapawut, esasan hem, ýazuw düzgünleri çylşyrymly ýa-da berk kadalara esaslanýan ýurtlarda has aýdyň ýüze çykýar. Hytaýda çepbekeýler ilatyň, takmynan, 3,5 göterimini, Ýaponiýada bolsa 4,7 göterimini düzýär. Munuň sebäpleri şol ýurtlarda emele gelen medeni däpler bilen bagly. Olar çagalary kiçi ýaşyndan başlap, esasanam, ýazmak we hereketleri dürs ýerine ýetirmek üçin sag elini ulanmaga höweslendirýärler. Şonuň üçin çep elini ulanýan käbir çagalar hem sag el bilen işlemegi-de öwrenýär.

Çepbekeýleriň sany nesilleriň arasyndaky tapawutlara hem baglydyr. Käbir maglumatlara görä, uly ýaşly nesliň 6–8 göterimi doga çepbekeý bolup, çagalykda sag elini ulanmagy öwrenen bolup biler. Sebäbi öňler çepbekeýlik, köplenç, islenilmeýän aýratynlyk hökmünde kabul edilipdir.

Barlagçylar çepbekeýligi pikirlenişiň käbir aýratynlyklary bilen hem baglanyşdyrýarlar. Hususan-da, käbir barlaglarda onuň döredijilikli we meseleleriň umumy mazmunyny görüp bilýän pikirlenişe dahylly bolup biljekdigi aýdylýar. Emma çepbekeýleriň saglakaýlardan has akyllydygy baradaky giňden ýaýran çaklamany tassyklaýan ynandyryjy, anyk ylmy subutnama ýok.

Muňa garamazdan, sportuň käbir görnüşlerinde çepbekeýleriň, hakykatdan-da, artykmaçlygy bolup biler. Mysal üçin, dünýäniň öňdebaryjy tennisçileriniň arasynda çep elini ulanýanlaryň paýy, takmynan, 40 göterime ýetýär. Meşhur çepbekeý tennisçileriň arasynda Rafael Nadal we Martina Nawratilowa hem bar.

Çepbekeý futbolçylar hem beýlekilerden tapawutlanýarlar. Hereketleri we paslary adaty bolmadyk ugurda ýerine ýetirmegi, tälimçiler üçin olaryň gadyryny has-da artdyrýar. Professional futbolda, esasan, çep aýagy ulanýan oýunçylaryň paýy 20–32 göterime ýetýär. Olaryň arasynda Diego Maradona, Pele (iki aýagyny-da ulanypdyr, ýöne, köplenç, urgyny çep aýagy bilen ýerine ýetiripdir), Lionel Messi we Lamin Ýamal ýaly meşhur futbolçylar bar.

Çepbekeýler aýdym-saz dünýäsinde-de özlerini tapawutly görkezýär. Jimi Hendriks we Pol Makkartni saz gurallaryny çep eli bilen çalyp, bu aýratynlygy öz ýerine ýetirijilik usullarynyň bir bölegine öwrüpdirler. Hendriks adaty, saglakaýlar üçin ýasalan gitarany öz eline sazlap, onuň kirişlerini täzeden dakypdyr. Pol Makkartni üçin bolsa ýörite çepbekeýlere niýetlenen seýrek saz gurallary ýasalypdyr.