Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

04.05.2026, 09:061,736

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi.

Final duşuşygynda italýan türgeni dünýäniň üçünji raketkasy, germaniýaly Aleksandr Zwerewi 6:1, 6:2 hasaby bilen utdy.

Bu ýeňiş 24 ýaşly Sinner üçin «Masters» seriýasynyň ýaryşlarynda gazanylan yzygiderli bäşinji ýeňiş boldy. Ol mundan ozal 2025-nji ýylda Parižde, şeýle hem 2026-njy ýylda Indian-Uellsde, Maýamide we Monte-Karloda ýeňiş gazanypdy.

Sinner tennis taryhynda yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda ýeňiji bolmagy başaran ilkinji tennisçi boldy. Mundan başga-da, ol bir senenama ýylynyň dowamynda şeýle ýaryşlaryň dördüsinde yzly-yzyna ýeňiş gazanan ilkinji türgendir.

Indi Sinneriň hasabynda ýekelikdäki oýunlarda jemi 28 sany ATP tituly bar.

Madriddäki ýaryşyň baýrak gaznasy 8,23 million ýewrodan geçýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.