Aşgabatda Garagum derýasynyň ugrunda täze gidrotehniki desga ulanmaga berildi

Şu gün, 13:053,755
1 / 4

1-nji iýulda Aşgabatda Garagum derýasynyň ugrunda gurlan täze suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desganyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bu desga paýtagtyň hojalyk we agyz suw üpjünçiligini has-da kämilleşdirmäge niýetlenendir.

Desga Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda «Interbudmontaž» kompaniýasy tarapyndan guruldy. Onuň suw geçirijilik kuwwaty sekuntda 181 kub metre deň.

Gidrotehniki desganyň ähli tehnologik işleri awtomatik ýagdaýda dolandyrylýar, gatlalary dolandyrmak bolsa sanly gözegçilik ulgamynyň kömegi bilen elektromehaniki usulda amala aşyrylýar.

Hojalyk toplumynyň düzümine dizel-generatory bilen üpjün edilen we «Garagumderýa» birleşiginiň aragatnaşyk toruna birikdirilen dispetçer nokady, ýerasty howdanlar, suw sorujy we elektrik beketleri hem girýär.

Açylyş dabarasynyň dowamynda gatnaşyjylar täze desganyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Desganyň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.