Berliniň “Şarite” hassahanasynyň neýrobiologlary haýaldan demiňi goýbermegiň adamyň töwekgel kararlara gelmäge meýilliligini artdyryp biljekdigi barada netijä geldiler diýip, PsyPost žurnalyndaky ylmy makala salgylanýan Science Alert neşiri ýazýar.
Bu gözlege 41 sany sagdyn meýletinçi (ortaça ýaşy 25) gatnaşdy. Olar pul goýumlary bilen bagly birnäçe synaglardan geçdiler (utuş mümkinçiligi 50/50), olar töwekgelçilik etmegi ýa-da ondan boýun gaçyrmagy saýladylar. Olar gönükmeleriň bir bölegini adaty dem almak bilen, beýleki bölegini bolsa iki sekuntlap dem almak we sekiz sekuntlap dem goýbermek bilen ýerine ýetirdiler.
Synag mahalynda alymlar MRT arkaly beýniniň işjeňligini ýazga aldylar we ýüregiň uruş tizligini, dem alyş tizligini, deriniň tok geçirijiligini we göz bäbekleriniň ululygyny ölçediler. Dem goýberilende ýüregiň urşunyň üýtgeýşi ýokarlandy, bu bolsa rahat ýagdaýa jogapkär bolan parasimpatik nerw ulgamynyň işjeňliginiň görkezijisidir.

Dem alyş maşklaryny ýerine ýetirenlerinden soň, gatnaşyjylar has töwekgelçilikli wariantlary saýladylar. Seljermeler olaryň mümkin bolan ýitgilerden çekinmeýändiklerini, gaýtam munuň üçin beriljek sylaglara has uly ähmiýet berip başlandyklaryny görkezdi.
Beýni skanirlemeleri saýlawlaryň gymmatyny bahalandyrmak üçin jogapkär bolan wentromedial prefrontal beýni bardasynyň, şeýle hem karar kabul edilende bedeniň signallaryny birleşdirmäge gatnaşýan prekuneusyň işjeňliginiň ýokarlanandygyny ýüze çykardy.
Barlagyň awtorlary entek netijeleriň gutarnykly däldigini belleýärler. Synag ýaş, sagdyn adamlaryň kiçi toparynda geçirildi we töwekgelçilik laboratoriýa simulýasiýasynda bahalandyryldy. Alymlar öz netijelerini tassyklamak üçin dürli ýaşdaky we hakyky durmuşa has meňzeş şertlerde bolan adamlary öz içine alýan has uly barlaglary geçirmegiň zerurdygyny aýdýarlar.