Waşington amerikan ştatynyň gündogar böleginde tokaý ýangynlary 60 müň töweregi adamyň ewakuasiýa edilmegine getirdi. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, ot 600-den gowrak öýi we beýleki binalary weýran etdi, heläk bolanlar we şikes alanlar barada maglumat gowuşmady diýip, CNN we Associated Press ýazýar.

Has çylşyrymly ýagdaý Spokan şäheriniň töwereginde ýüze çykdy. Geçen dynç günleri ol ýerde, takmynan, 21 inedördül kilometr tokaýlyk we beýleki meýdanlar ýandy. Umuman alanyňda, soňky wagtlarda ştatda ot sebäpli zaýalanan meýdan 1 müň inedördül kilometrden geçdi. Käbir ýangyn ojaklaryny, şol sanda Spokanyň töwereklerindäkini hem, häzirlikçe çäklendirmek başartmady.


Uly ýangynlar ABŞ-nyň beýleki günbatar ştatlarynda — Aýdahoda, Ýutada we Oregonda hem dowam edýär. Iň uly ojaklaryň biri eýýäm on gün töweregi Aýdaho bilen Oregonyň serhedinde saklanýar, ol ýerde 1,36 müň inedördül kilometr meýdany ot aldy.
Aşa yssy howa tebigy ýangynlaryň diňe bir ABŞ-da däl, eýsem Ýewropada hem ýaýramagyna sebäp bolýar. Ýewrokomissiýanyň we Fransiýanyň Hökümetiniň maglumatlaryna esaslanýan «Financial Times» neşiriniň bahalandyrmagyna görä, şu möwsümde Ýewropa ýurtlarynda tokaý ýangynlaryndan we aşa yssydan ýeten zyýan €3,1 milliarda ýetdi.


Ýewropanyň «Copernicus» gullugynyň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň iýun aýy Günbatar Ýewropada gözegçiligiň tutuş taryhynda iň yssy aý boldy, şu tomus ýangynlardan iň köp zyýan çekenler bolsa Fransiýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Gresiýa we Rumyniýa boldy. Umumylykda bu ýurtlarda tas 0,5 million gektar ýer ýandy.
