Universal 2026-njy ýylda $4 mlrd gazanan ilkinji kinostudiýa boldy

03.08.2026, 23:511,603

Universal kinostudiýasy 2026-njy ýylda dünýä boýunça kassa ýygymlarynda 4 mlrd dollar sepgidinden geçen ilkinji studiýa boldy. Bu netijä, esasan, «Odisseýa», «Maýkl» we «Super Mario: Galaktiki kino» filmleri uly goşant goşdy.

«Deadline» neşiriniň maglumatlaryna görä, Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filmi dünýä prokatynyň üç hepdesinde 911 mln dollar toplady we 1 mlrd dollar görkezijisine golaýlaşdy. Universal-yň filmleri studiýa, umumylykda, ABŞ-nyň bazarynda 1,53 mlrd dollar we ýurduň daşynda 2,48 mlrd dollar girdeji getirdi.

Universal 2023-nji ýyldan bäri ilkinji gezek we öz taryhynda bäşinji gezek 4 mlrd dollar görkezijisine ýetdi. 2026-njy ýylda ýygymlar boýunça ikinji ýerde, takmynan, 3 mlrd dollar netije bilen Disney durýar.

Şu ýyl dünýä prokatynda diňe üç film 1 mlrd dollardan geçdi, olaryň ikisi Universal tarapyndan çykaryldy — «Maýkl» we «Super Mario: Galaktiki kino». Mundan başga-da, ýylyň iň köp girdeji getiren on filminiň bäşisi Universal we Focus Features studiýalaryna degişlidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.