Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi fransuz atçylyk bilermeni bilen duşuşdy

04.08.2026, 17:091,715

3-nji awgustda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynda Maksat Çaryýew Fransiýanyň Atçylyk federasiýasynyň milli tehniki bilermeni Aleksandr Gro bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda atçylyk pudagynda hünärmenleri taýýarlamak, halkara tejribe alyşmak meselelerine we Fransiýada ahalteke bedewleriniň taryhyna üns berildi. Aleksandr Gronyň 1994-nji ýylda Fransiýanyň Prezidenti Fransua Mitterana sowgat berlen Genjim atly ahalteke bedewini taýýarlamak boýunça özboluşly tejribesi aýratyn bellenildi.

Şeýle hem taraplar 4–6-njy sentýabrda Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk barada pikir alyşdy. Aleksandr Gro bu çempionatyň çäklerinde geçiriljek halkara ylmy maslahatda çykyş etmäge taýýardygyny tassyklady. Ol öz çykyşynda Fransiýadaky ahalteke bedewleriniň taryhyna ünsi çeker.

Duşuşykda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Fransiýanyň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we türkmen tälimçilerini taýýarlamak mümkinçiliklerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Aleksandr Gro Türkmenistanyň milli atçylyk mirasyny halkara derejede ilerletmäge mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.