Gadymy türki halklaryň ýene bir syry: Altaýda 1,5 müň ýyllyk hatyra desgalary tapyldy

07.08.2026, 16:333,148
1 / 4

Altaý Respublikasynyň Gök-Suw aýmagynda (Ust-Koksa etraby) «Katanda-2026» halkara arheologiýa ekspedisiýasy möwsümleýin işlerini tamamlady. Ol ýerde gadymy türki halklaryň hatyra desgalarynyň täze topary ýüze çykaryldy.

Ýaşy, takmynan, 1,5 müň ýyla ýetýän bu tapyndy irki Orta asyr taryhyny we gadymy türki jemgyýetleriniň ösüşini öwrenmäge täze mümkinçilikleri açýar.

Gazuw-agtaryş işleri sebitdäki iň belli arheologik desgalaryň biri bolan Katanda-I ýadygärliginde geçirildi. Ol hakynda ilkinji gezek 1865-nji ýylda alym Wasiliý Radlow gürrüň beripdi.

Bassyr ikinji ýyl bu ýerde Altaý döwlet uniwersitetiniň «Uly Altaý» türkologiýa we altaýşynaslyk ylym-bilim merkeziniň halkara ekspedisiýasy işleýär. Gözleglere Russiýadan we Gazagystandan arheologlar, şeýle hem Altaý döwlet uniwersitetiniň Taryh we halkara gatnaşyklar institutynyň talyplary gatnaşýar.

Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, taryh ylymlarynyň doktory Nikolaý Serýoginiň gürrüň bermegine görä, geçen ýyl alymlar b.e. VI asyrynyň ikinji ýarymyna — VII asyrynyň birinji ýarymyna degişli hasap edilýän Birinji Türk kaganlygy döwrüniň aýry-aýry türki aýmançalaryny öwrendi. Häzirki möwsümde hünärmenler öňki öwrenilen obýektlerden günbatarda ýerleşýän, öň näbelli bolan jübüt daş aýmançalarynyň üstünden bardy. Deslapky çaklamalara görä, olar has soňky döwre degişli bolup, türki halklaryň başga bir topary bilen baglanyşykly bolmagy ahmal.

Aýmançalaryň biriniň merkezinde agaç sütünjigiň galyndylary saklanyp galypdyr, desgalaryň arasynda bolsa arheologlar at süňklerini tapdy. Olar bolsa bu ýerde hatyralama däpleriniň geçirilendigini görkezýär.

Tapyndylar radiouglerod derňewine iberiler. Alymlar täze desgalaryň öň öwrenilen obýektler bilen bir wagtda gurlandygyny ýa-da soňra peýda bolandygyny anyklaýar.

Hatyra aýmançalary jaýlamak üçin däl-de, aradan çykanlary hatyralamak üçin niýetlenen kiçi daş desgalardyr. «Uly Altaý» merkezinde bellenilişi ýaly, şeýle ýadygärlikler taryhçylara irki Orta asyr halklarynyň ynanç-ygtykadyny, jemgyýetçilik gurluşyny we göçüp-gonuşyny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.