«Leprekon» uly ekrana gaýdyp geler: Lionsgate horror filmiň täze görnüşini taýýarlaýar

10.08.2026, 20:053,037

Lionsgate kinokompaniýasy «Leprekon» komediýa-horror filminiň täze görnüşiniň üstünde işläp başlady. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär.

Filmiň çykjak senesi häzirlikçe belli däl.

Ssenarini «Kolleksioner» horror franşizasy we «Byçgy» ýaly filmler bilen tanalýan Patrik Melton we Markus Dansten ýazar.

Lionsgate üçin bu «Leprekony» ekrana gaýtaryp getirmäge ikinji synanyşyk bolar. Geçen gezek ony režissýor Felipe Wargas düşürmegi meýilleşdiripdi, ýöne taslama doly önümçilige ýetmedi.

Ilkinji «Leprekon» 1993-nji ýylda çykdy. Wakanyň merkezinde öz altyn küýzesini ogurlan adamlaryň kastyna çykýan zabun, ýöne gülkünç leprekon durýar. Film meşhurlyk gazandy, soňlugy bilen onuň ýedi sany dowamy çykaryldy.

Täze filmiň ilkibaşdakynyň göni remeýki boljakdygy ýa-da özbaşdak hekaýaty gürrüň berjekdigi häzirlikçe näbelli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.