Hirosima uniwersitetiniň biologlary Ýaponiýanyň Rýukýu arhipelagynyň ýerasty suw ulgamlarynda ylma heniz näbelli bolan mikroskopik leňňeçşekillileriň täze iki görnüşini tapdylar. Bu barada EurekAlert habar berýär.
Tapylan jandarlaryň gözleri we pigmentasiýasy (reňki) ýok, olaryň bedeniniň uzynlygy bolsa 3,2 millimetrden geçenok.
Täze görnüşlere Bogidiella isajii we Bogidiella painushima diýlip at berildi. Olar gapdallaýyn ýüzýänleriň Bogidiella urugyna degişli bolup, daşky dünýäden üzňelikde, gowak suwlarynda ýaşaýarlar. Gözlegçiler Bogidiella isajii görnüşini Minamidzaýto adasyndaky anhialin gowagynda — deňiz suwunyň süýji ýerasty suwlar bilen garyşýan karst çukurlygynda tapdylar. Ikinji görnüş bolan Bogidiella painushima bolsa Isigaki adasyndaky gowagyň içinden akýan süýji suwly çeşmeden tapyldy.
Ýerasty gurşawda dowamly ýaşamagy jandarlaryň beden gurluşyny üýtgedipdir. Zulmat tününde hiç hili peýdasy bolmansoň, iki jandaram ewolýusiýanyň dowamynda bütinleý gözden mahrum bolupdyr. Reňk beriji pigmentleriň ýoklugy bolsa olaryň bedenini tutuşlygyna aňyrsy görnüp duran dury ýagdaýa getiripdir.
Garaňkyda ugur tapmak we dar gaýaly jaýryklardan aňsat geçmek üçin bu jandarlaryň aýaklary we murtjagazlary uzalyp gidipdir. Oňa derek, ýüzmäge niýetlenen aýajyklary welin kiçelipdir. Şunlukda, olar ýerasty akymlarda suwda ýüzmän, esasan düýpdäki daşlaryň üsti bilen süýrenip hereket edýär.
Gözlegçiler bu täze görnüşleriň ýaşaýan ýerlerini has giňişleýin öwrenmegi meýilleşdirýärler. Alymlaryň çaklamasyna görä, alnan anatomik we genetik maglumatlar aşa köp suw çekilmegine hem-de hapalanma duçar bolýan ýerasty suwlaryň ýagdaýyny kesgitlemekde bu jandarlary biologik görkeziji hökmünde ulanmaga kömek eder.