Kuber-Pedi, ilki göräýmäge, Awstraliýa çölüniň ortasynda ýerleşýän adaty bir şahta şäherçesine meňzeýär. Bu ýerde ýollar, ýangyç guýujy beketler, dükanlar we pesräk jaýlar bar. Ýöne has ünsli seretseň welin, şäheriň esasy böleginiň gözden gizlenendigine düşünýärsiň. Ýerden howa çalşyjy turbalar çykyp dur, baýyrlaryň arasynda şahta zyňyndylary ýatyr, birbada göze kaklyşmaýan gapylaryň aňyrsyndan bolsa göni gaýanyň içinden oýlup ýasalan jaýlar başlanýar.
Kuber-Pedi Günorta Awstraliýada, Adelaida şäherinden, takmynan, 850 kilometr demirgazykda ýerleşýär. Häzir bu ýeriň 1,4 müň töwerek ilaty bar. Olaryň ep-esli bölegi «dugouts» diýlip atlandyrylýan, öňler şahta işleri geçirilen ýerasty jaýlarda ýaşaýar.
Haýran galdyryjy binagärligiň döreýşi örän ýönekeý. Bu ýerde tomsuna howanyň tempraturasy +47 gradusa çenli ýetip biler, gyşyna bolsa çöl gijeleri örän sowuk bolýar. Ýer astynda howanyň temperaturasy has haýal üýtgeýär. Gowy gurnalan ýerasty otag ýylboýy, takmynan, 22–23 gradus tempraturany saklamaga ukyplydyr.
Ilkinji ýaşaýjylar bu ýerde şeýle amatly howa şertleriniň bardygyny tötänden bilýärler. 1915-nji ýylda bu ýerden opal daşynyň tapylmagy çöle şahtaçylaryň köplük bolup eňmegine sebäp bolýar. Olar agyr şertlerde işläpdirler, üstesine-de olara süýji suw we gurluşyk serişdeleri ýetmezçilik edipdir. Ýöne gymmatbaha daş gözläp gazan gaýalarynyň özi dura-bara olaryň gurluşyk serişdesine öwrülýär. Kem-kemden kän üçin gazylýan ýerler bolsa ýaşaýyş jaýlaryna öwrülip başlaýar. Olar otaglary giňeldip, birikdirip, ähli zerur bolan zatlar bilen üpjün edipdirler.

Häzirki zaman ýerasty jaýy birnäçe ýatylýan otagy, aşhanany, hammamy we myhman otagy öz içine alýar. Diwarlaryň, köplenç, bejerilmeýändigi üçin otaglaryň içi henizem şahtany ýatladýar.
Ýeriň astynda diňe ýaşaýyş jaýlary däl, eýsem, myhmanhanalar, muzeýler, galereýalar we buthanalar hem bar. Ýöne şol bir wagtda şäher doly ýer astynda ýerleşmeýär: ýeriň üstünde ýollar, infrastrukturanyň bir bölegi we ýene-de köp sanly jaýlar bar. Ýeriň astynda gurluşyk etmek üçin amatly ýapgyt we ýeterlik derejede berk gaýa gerek bolýar.
Aslynda, Kuber-Pediniň taryhy şahtaçylaryň peýda bolmagyndan has öň başlanýar. Bu ýerler müňlerçe ýylyň dowamynda Awstraliýanyň ýerli halklary tarapyndan ulanylypdyr. Häzirki zaman şäherçesi bolsa XX asyryň başynda Stuart Range opal käniniň açylmagyndan soň ösüp başlaýar. 1920-nji ýylda oňy resmi taýdan Kuber Pedi diýip atlandyrýarlar – muny ýerli aborigenleriň dilindäki «hiniň içindäki akýagyz adam» diýen manyny berýän söz bilen baglanyşdyrýarlar.
Wagtyň geçmegi bilen, şahtaçylaryň mejbury çäre hökmünde başlan işi ýerli binagärligiň özboluşly görnüşine öwrülýär. Kuber-Pedidäki ýerasty jaýlar – bu attraksion ýa-da binagärlik hokgasy däl, eýsem, daşky gurşawa uýgunlaşmagyň aňly-başly usulydyr.
Günüň ýer ýüzüni 47 gradusa çenli gyzdyryp bilýän bu şäherinde üstüňe abanyp duran belent gaýa gerekmejek zada däl-de, eýsem tüýs gerekli, tebigy sowadyjy ulgama öwrülýär. Şonuň üçinem ýaşamak mümkin däl ýaly görünýän aňňat-aňňat depeleriň arasynda Kuber-Pediniň ýaşaýjylary öz jaýlaryny gurup hem abadanlaşdyryp, özboluşly durmuşlaryny dowam edýär.