Daşary ýurtly estrada ýyldyzlary 9-njy oktýabrda Aşgabatda konsert berer: petekler satuwa çykaryldy

Düýn, 13:359,391
1 / 2

9-njy oktýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda daşary ýurtly meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçiriler. Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi sahypasynda habar berilýär.

Konsertiň maksatnamasynda şu daşary ýurtly aýdymçylarynyň çykyş etmegine garaşylýar:

  • Russiýanyň meşhur aýdymçysy Nýuşa,
  • Türkiýäniň pop-ýyldyzy Hadise,
  • Türkiýäniň pop-ýyldyzy Murat Boz,
  • Liwanyň tanymal aýdymçysy Maýa Diab.

Konsert sagat 18:00-da başlanýar.

Petekler Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web-saýtynda we «Sanly şäher» ykjam goşundysynda onlaýn satuwa çykaryldy. Olary islendik bank karty bilen satyn alyp bolýar.

Petek satyn alnanda stadiondaky sektor saýlanýar, oturyljak ýer bolsa awtomatiki usulda bellenýär. Bir hasapdan bäş petekden kän satyn alyp bolmaýar.

Petekleriň satyn alnyş we hasaba alnyş tertibi barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web-saýtynda ýerleşdirilen görkeziji wideodan goşmaça maglumat alyp bolýar.