Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde işe ýerleşmek isleýän raýatlar üçin boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Çäre Türkmenbaşy şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tarapyndan guralar diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň saýtynda habar berilýär.
Iş orunlarynyň hödürleniş çäresi 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda bolar. Onda şäheriň çäginde hereket edýän kärhanalar, edaralar, guramalar hem-de hususy telekeçiler bar bolan boş iş orunlaryny ilata tanyşdyrar.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlar çärä şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, bar bolan ýagdaýynda zähmet depderçesi we hünärini tassyklaýan resminamalar bilen gelmeli.
Goşmaça maglumatlar üçin: (+993 243) 6-06-95, 5-00-94.