Ýewropada özi çaklama öňe sürüp, tejribänem özbaşdak geçirýän barlaghana döredildi

Şu gün, 11:35244

Şwesiýanyň we Beýik Britaniýanyň alymlary biologik barlaglaryň ähli tapgyrlaryny özbaşdak ýerine ýetirip bilýän emeli aňly barlaghana döretdiler.

Bu ulgam ylmy çaklamalary öňe sürýär, tejribeleriň meýilnamasyny düzýär, robotlara görkezmeleri berýär we alnan netijeleri seljerýär. Soňra şol netijeleri göz öňünde tutup, indiki ädimleri meýilleşdirýär.

Alymlar ulgamy adaty kömelek öýjüklerinde synagdan geçirdiler. Ilki bilen, ulgam 60 müň maglumatdan ybarat binýady öwrenip, dürli maddalaryň öýjüklere nähili täsir edýändigi barada 1 933 sany çaklamany öňe sürdi. Soňra emeli aň agentleri işe girişdi: GPT-4o modeliniň esasynda işleýän ulgam tejribäniň meýilnamasyny düzdi, robotlar bolsa maddalary awtomat usulda garyşdyryp, kömelek öýjükleriniň köpelişini ölçediler.

Öňe sürlen çaklamalaryň käbiri üstünlikli tassyklanyldy. Mysal üçin, algoritm arginin bilen kofeiniň bilelikde ulanylanda kömelegiň ösüşini bu maddalaryň her biriniň aýratyn ulanylandakysyndan has güýçli haýalladýandygyny dogry çaklap bildi. Ulgam, hatda nädogry çaklamalaryndan hem netije çykaryp, indiki ädimlerini düzetmegi başardy.

Häzirlikçe bu barlaghana doly özbaşdak işläp bilmeýär. Erginleri taýýarlamak, gaplary enjamlaryň arasynda geçirmek we howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişini barlamak ýaly işleri henizem adamlar ýerine ýetirýär. Emma çaklamalary saýlamak we tejribeleriň köpüsiniň usullaryny işläp düzmek eýýäm adam gatnaşmazdan amala aşyrylýar.

Alymlar emeli aňyň häzirlikçe barlagçylaryň ornuny tutmaýandygyny nygtaýar. Şeýle-de bolsa, bu taslama ylmy işleriň täze usulyny görkezýär: onda emeli aň ylmy barlaglaryň doly hukukly bir bölegine öwrülýär we her bir tejribäniň netijesi indiki barlaglaryň ugruny kesgitlemäge kömek edýär.