327 gün suwuň üstünde: britaniýaly iki ummany ýeke özi kürekläp geçdi

Şu gün, 20:001,962
1 / 5

54 ýaşly britaniýaly Deýw Bell Ýuwaş we Hindi ummanlaryny ýeke özi geçip, 327 günläp gury ýere çykman syýahat etdi.

Öňki harby deňiz gullukçysy Bell ekspedisiýasyna 2025-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Peruwyň kenaryndan başlady. Ol karbon gaýygyna, takmynan, 350 günlük azyk we zerur enjamlaryny ýerleşdirdi. Bell syýahatynyň ahyryna çenli öz meýilleşdiren möhletinden öňe geçdi, şeýle-de onuň ýene-de, takmynan, 20 günlük azygy galdy.

Onuň ugry Ýuwaş ummanynyň, Merjen deňziniň, Beýik Barýer rifiniň we Torres bogazynyň, soňra bolsa Awstraliýanyň demirgazyk kenary bilen Hindi ummanyň üstünden geçdi.

Syýahatyň dowamynda onuň üçin iň ýatda galyjy pursatlaryň biri akulalary görmegi boldy. Belliň aýtmagyna görä, ýyrtyjylar birnäçe hepdeläp ony yzarlapdyr, käteler bolsa gaýygynyň ikiýan tarapyndan ýüzüpdir.

Şeýle-de bolsa, ol iň agyr synagyň tupanlar bilen bagly bolmandygyny aýtdy. Bell Ýuwaş ummanyň günorta böleginde, siklonlar möwsüminde Merjen deňzine düşmezlik üçin, takmynan, sekiz hepde tas hereketsiz durmaly bolupdyr. Ol meýilleşdireninden has çalt hereket edýändigi üçin bilkastlaýyn tizligini peseldipdir. Ummanyň ortasynda uzak wagtlap garaşmak bolsa, onuň üçin çynlakaý ruhy synaga öwrülipdir.

2-nji oktýabrda, deňizde 327 gün geçiren Bell Keniýanyň Kilifi şäherine ýetdi. Ol 15 müňden gowrak deňiz milini — takmynan, 28 müň kilometri geçdi.

Ilki gury ýere çykanda, onuň aýaklary hem diýen etmedi. Şol sebäpli syýahatça ýanyndaky adamlar kömek etdi. Keniýada eýýäm oňa söýgülisi Jorji hem garaşyp durdy.

Ekspedisiýanyň dowamynda Bell güýçli stresiň netijeleri bilen göreşýän weteranlara, gaýragoýulmasyz kömek gulluklarynyň işgärlerine we olaryň maşgalalaryna ýardam edýän Rock2Recovery guramasy üçin haýyr-sahawat serişdelerini ýygnady. Syýahatyň ahyryna çenli toplanan serişdäniň möçberi 110 müň funt sterlingden (takmynan, 150 000 dollar) geçdi.