«ADAT Täze ýyl harytlary» dükanynda arzanlaşyk başlandy

Şu gün, 19:301,145
1 / 13

Aşgabatdaky «ADAT Täze ýyl harytlary» dükanynda ýetip gelýän baýramçylyk möwsümi mynasybetli uly arzanlaşyklar yglan edildi. Bu ýerde öýleri, ofisleri, restoranlary we kafeleri Täze ýyla bezemek üçin arçalar, dürli bezegler, çyralar, sowgatlyklar we beýleki harytlar hödürlenýär.

Dükanda dürli ölçegdäki arçalary, şol sanda kiçi stolüsti arçalardan başlap, 5 metr beýiklikdäki arçalara deňiç tapmak bolýar. Şeýle hem dürli reňkli çyralar, arça üçin bezeg şarlary we oýnawaçlary, ýumşak oýunjaklar, sowgatlyklar, yşykly perdeler we şnurlar, uly göwrümli ýagtylyk şarlary, Aýaz Babanyň we Santa Klausyň heýkelleri bar. Mundan başga-da, bezeg ýassyklary we ýorgançalar, sowgatlyk garly şarlar, baýramçylyk başgaplary hem-de Täze ýyl saçagy üçin niýetlenen şekiljikler hödürlenýär.

«ADAT» dükanynda bölekleýin we lomaý söwda alnyp barylýar.

Sargytlar, şol sanda lomaý söwda eden müşderileriň sargydy Türkmenistanyň ähli bäş welaýatyna iberilýär.

Harytlar Ýewropadan we Hytaýdan getirilýär. Kompaniýa üpjün edijiler bilen gönüden-göni hyzmatdaşlyk edýär we bu ugurda 1997-nji ýyldan bäri iş alyp barýar.

«ADAT Täze ýyl harytlary» dükany restoranlary, kafeleri, kärhanalary we hususy öýleri baýramçylyk üçin bezemek hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýär. Hünärmenler müşderiniň islegine görä islendik ýeri baýramçylyk görnüşinde bezemäge kömek edýärler.