Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýokary gözegçilik edarasynyň işine nägilelik bildirdi

Düýn, 21:336,613

14-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky «Garagum» myhmanhanasynyň golaýynda gurulýan «Depegum» söwda merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň dowamynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy. 

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy T.Mälikow, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy D.Täşliýew, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow we Türkiýe Respublikasynyň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş direktory Erdal Gýuner gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Aşgabatda dürli maksatly binalaryň gurluşyk işlerine, onda ulanylýan serişdeleriň hil derejesine yzygiderli gözegçilik edilýändigi we degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň ýola goýlandygy barada maglumat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow edaranyň gurluşyk işlerine gözegçiligi gowşadandygyny aýdyp, onuň alyp barýan işine nägilelik bildirdi. Ol Ýokary gözegçilik edarasynyň gurluşyklardaky hil derejesine we desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegini berk talap etdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Merkezi bankyň başlygy gurluşyk işlerini maliýeleşdirmek we işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşyklara gönükdirilýän serişdeleriň netijeli peýdalanylmagynyň, satyn alynýan enjamlaryň we serişdeleriň ýokary hilli bolmagynyň möhümdigini belledi.

Aşgabat şäheriniň häkimi täze Söwda merkeziniň dolandyryş ulgamynyň işini ýola goýmak we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, gök zolaklaryň döredilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen bilelikde halkara howa menzilinde üstaşyr ýolagçylar üçin ulag üpjünçiligini, olary myhmanhanalarda ýerleşdirmegi we söwda merkezlerine aýlanyp bilmek mümkinçiligini ýola goýmagyň wajypdygyny belledi hem-de Söwda merkeziniň çägindäki 500 orunlyk awtoduralganyň işini netijeli ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer B.Annamämmedow türkmen we türkiýeli hünärmenleriň bilelikdäki işleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşyk we bezeg işlerine Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýaşlaryny çekmegiň, olaryň tekliplerini öwrenmegiň wajypdygyny nygtady.

Öz gezeginde türkiýeli işewür Türkmenistanda işlemek üçin döredilen giň mümkinçilikler we bildirilýän ynam üçin ýurt ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Maslahatyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň daş-töwereginde gök zolaklary döretmegiň we dürli gülleri ekmegiň wajypdygyna ünsi çekip, kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.