Amerikaly milliarder ummanyň ortasynda şäher gurmak isleýär

Düýn, 15:085,504
1 / 2

Amerikaly oýlap tapyjy we milliarder Palmer Laki edil ummanyň ortasynda SLAB atly senagat şäherini gurmak isleýär. Bu barada ol X sosial torundaky sahypasynda gürrüň berdi.

Milliarder «ony gury ýerdäki desgalardan has arzan etmegi hem-de amerikan ykdysadyýetiniň iň möhüm pudaklarynyň ösüşine päsgel berýän döwlet we ýerli kanunlaryň täsirinden gaça durmagy» maksat edinýär. Hususan-da, bu ada metallary gaýtadan işlemek, lukmançylyk barlaglary we bejeriş, suwy süýjetmek, nebiti gaýtadan işlemek, himiýa senagaty we ş.m. ulgamlara niýetlener.

Şeýle-de, ol bu desganyň ABŞ-ny has güýçli etjekdigini hem-de «oýlanyşyksyz ýa-da könelişen düzgünler we kadalar üçin gyssagly çykalga» bolup hyzmat etjekdigini belleýär.

Laki taslamanyň emeli aň tarapyndan döredilen suratyny paýlaşdy. Onda ummanda magallaklap duran, üstünde zawoddyr ofisler ýerleşen ägirt uly beton plita şekillendirilipdir.

Milliarder öz meýilnamasy hakda köpçülige gürrüň bermäge mejbur bolandygyny aýtdy, sebäbi habar beriş serişdeleri ada barada eşidip, ony «emeli aňly ýüzýän maglumat merkeziniň täze taslamasy» diýip atlandyryp başlapdyr:

«Bu taslama siziň diýýänleriňiziň ählisinden has üýtgeşik we has irki zat, men meşhurlyga kowalaşýan bihepbe ýaly görünmegi ýigrenýän, şonuň üçin indi siz bu twiti okamaly bolýaňyz».

Palmer Laki — Oculus VR kompaniýasyny esaslandyryjysydyr. Ol Oculus Rift wirtual hakykat şlemini oýlap tapypdy. 2017-nji ýylda Laki Oculus-y terk edip, Anduril Industries kompaniýasyny döretdi. 2026-njy ýylyň maglumatyna görä, onuň baýlygy 5 milliard dollardan gowrak diýlip bahalandyrylýar.