Şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmek meýilleşdirilýär. Bu babatda alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow Hökümet mejlisiniň dowamynda hasabat berdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Hususan-da, geljek aýda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda VI Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde I halkara hukugy bäsleşigini, III halkara filosofiýa we III halkara ykdysadyýet olimpiadalaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly III halkara ylmy-amaly maslahaty, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bolsa «Atçylyk pudagynda ylmy-barlaglar we innowasiýalar: halkara tejribe we geljekki ösüş ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty guramak göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer bu ugurda taýýarlanan teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Prezident hasabaty diňläp, ýurtda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutany ýurduň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.