Braziliýanyň günortasynda turan harasat 5 müňe golaý jaýy weýran etdi

Şu gün, 10:152,617
1 / 7

Braziliýanyň günortasyndaky Rio-Grandi-du-Sul ştatynda turan güýçli harasatyň netijesinde üç adam heläk boldy. Tebigy hadysa 5 müňe golaý jaýy weýran etdi. Bu barada ýerli häkimiýetler habar berýär.

Harasatdan iň köp zyýan çeken 20 müňe golaý ilatly Tupansiretan şäheri boldy. Harasat bu ýerde bir sagatdan hem az wagt dowam etdi, ýöne ýeliň tizligi sagatda 114 kilometre ýetdi.

Şäherde suw we elektrik üpjünçiligi kesildi, oňa barýan ýollar petiklendi. Güýçli ýel 100-e golaý agajy köki bilen goparyp, ýerli hassahananyň üçegini hem opurdy. Binadaky 11 näsag başga ýere göçürildi.

Tebigy hadysa ştatyň ýene 32 sany munisipalitetine täsir etdi. Harasatyň netijelerini aradan aýyrmak üçin ýerli häkimiýetler, takmynan, 330 müň dollar serişde bölüp berdi.

Braziliýanyň Prezidenti Lula da Silwa zyýan çeken sebitlere gyssagly kömek gulluklaryny ibermegi tabşyrdy.