Şu agşam BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek «BATL FURY» boks agşamynda türkmen boksçysy Hursand Imangulyýew WBC Eurasia boýunça çempionlyk guşagyny goramak ugrunda tutluşyk geçirer.
Onuň garşydaşy tanzaniýaly boksçy Mohamed Pesa bolar. Häzire çenli sekiz tutluşygynyň ählisini ýeňiş bilen tamamlan (8-0) türkmen türgeni üçin bu duşuşyk professional karýerasyndaky dokuzynjy söweş bolar. Pesanyň hasabynda 13 ýeňiş, 4 ýeňliş we 4 deňlik bar.

Ýeri gelende bellesek, Hursand Imangulyýew WBC Eurasia çempionlyk guşagyna 2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Özbegistanyň Daşkent şäherindäki «Humo Arena» sport toplumynda geçirilen WBC Eurasia Boxing Night boks agşamynda eýe bolupdy. Şol tutluşykda ildeşimiz tanzaniýaly Adam Daçany birinji raundda möhletinden ir ýeňlişe sezewar etdi.