Armrestling boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär

23.05.2019, 00:443,150

15-16-njy iýunda Gökjedäki 4-nji sport mekdebinde Armrestling boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär. Ýaryşa gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arzalary 14-nji iýuna çenli kabul edilýär.
15-nji iýunda aýallaryň arasynda, 16-njy iýunda bolsa, erkekleriň arasynda ýaryşlar geçiriler.
9:00-10:30-da türgenleriň agramlary çekilip, 11:00-da ýaryşlar başlanar.
Agram derejeleri:
Aýallarda: 50, 55, 60, 65, 70, 80, 80+
Erkeklerde: 55, 60, 65, 70, 75, 80, 85, 90, 100, 110, 110+ Çempionata 16 ýaşdan ýokarda bolan erkeklere we aýallara gatnaşmaga rugsat edilýär.
Habarlaşmak hem-de ýaryşlara gatnaşmak üçin arza bermek üçin telefon belgisi: +993 64 02-35-34

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.