Türkmen pälwanlary Ispaniýanyň «Gran-prisinde» altyn we kümüş medal aldylar

10.07.2019, 09:255,280

Madridde 5-8-nji iýulda geçirilen Ispaniýanyň «Gran-pri» halkara ýaryşynda  Türkmenistandan 2 türgen altyn we kümüş medal eýeledi. Ol ýaryşa dünýäniň 47 ýurdundan güýçli türgenleriň iki ýüzden gowragy gatnaşdy.
Balkanabat şäheriniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Borjakow (70 kilogram) öz agram derejesinde bäsdeşlerinden üstün çykyp, hormat münberiniň ýokarky basgançagyny eýeledi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby 
Döwletmyrat Orazgylyjow 86 kilogram agram derejesinde jemleýji tutluşykda 
az-kem asgyn gelip, ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we ýokary görkezijiler sportuny ösdürmäge uly üns berilýär. Sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek boýunça degişli işler geçirilýär, türgenlerimiziň ussatlygy ýokarlanýar, geljekki çempionlarymyzyň hatarlary artýar. Erkin göreş hem şol özgerişliklerden çetde galmady, netijede milli ýygyndy toparymyzyň baýraklarynyň üsti dürli halkalara ýaryşlarynyň medallary bilen ýetirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.