Döwletjan Ýagşymyradow hiç wagt ýeňilmedik russiýaly türgen bilen göreşer

17.09.2019, 01:4515,618

ACA-nyň (Absolute Championship Akhmat) çempiony, türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky garşydaşy we tutluşygynyň wagty, ýeri belli boldy. Biziň ildeşimiz 14-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ýerli türgen Alekseý Butorin bilen tutluşar. Bu barada Turkmenportal habar berýär.
Ildeşimiziň indiki garşydaşy kim? Ol Russiýanyň iň güýçli we meşhur MMA pälwanlarynyň biri. Sankt-Peterburgda doglan 33 ýaşly pälwan çagalykda sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullandy. Olaryň arasynda sportuň karate, taý boksy ýaly görnüşleri hem bar. Häzir ol «Aleksandr» klubynda türgenleşýär.
Başa-başa göreş boýunça karýerasyna 2009-njy ýylda başlan türgen 18 sany esasy tutluşygyň birinde hem ýeňilmedi.
Döwletjan Ýagşymyradowy nobatdaky garşydaşy bilen deňeşdirmek üçin käbir maglumatlar:
Döwletjan Ýagşymyradow
Ýaşy: 30
Boýy: 180 santimetr
Netijesi: 17 ýeňiş, 5 deňlik, 1 ýeňliş
Wagtyndan ozal ýeňiş: 15
Ýeňişli tapgyry: 7 tutluşyk
Belläp geçsek, Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy fewralda Warşawada (Polşa) geçirilen ACA 92 ýaryşynda polşaly Karol Selinskiden tehniki nokaut bilen üstün çykyp, Absolute Championship Akhmatyň ilkinji çempiony hökmünde taryha girdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.