Türkmenistanda koronawirus boýunça «sorag-jogap» belgisi işe girizildi

01.04.2020, 20:3920,022

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi COVID-19 ýokanjy bilen bagly meseleler boýunça «sorag-jogap» belgisini işe girizdi. Bu barada Arzuw NEWS agentligi habar berýär.
73-95-35 «Sorag-jogap» belgisi boýunça isleg bildirýän islendik adam koronawirus barada, ondan goranmagyň we öňüni almagyň usullary barada gerek bolan maglumatlaryny anyklap biler.
Bu belgi hepdede 7 gün 24 sagatlap elýeterlidir.
Belläp geçsek, bu günki gün Türkmenistanyň çäginde COVID-19 ýokanjynyň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.