Russiýanyň mekdeplerinde okuw ýylynyň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar

05.04.2020, 23:518,080

Russiýanyň Bilim ministrliginde belläp geçilişine görä, okuw ýyly käbir mekdeplerde 8-nji iýuna çenli uzaldylmagy ahmal. Bu barada TACC-a salgylanmak bilen lenta.ru habar berýär.
“Häzirki ýagdaý barada aýdylanda, 8-nji iýuna çenli köp mekdeplerde ýeke-täk döwlet synagynyň başlanmagyna çenli okuw prosesiniň gurnalmagy mümkin” – diýip, edaranyň ýolbaşçysy aýdýar. Bu meseläniň çözgüdi koronawirus bilen bagly ýagdaýyň mundan beýläk nähili boljakdygyna bagly. “Men eger-de biz ähli berkidilen düzgünleri berjaý etsek, onda bu ýagdaýdan bahym çykjakdygymyza ynanýaryn, şonda möhletleri hiç hili yza süýşürilme hem bolmaz”. 
Şeýle-de, edarada Ýeke-täk döwlet synagynyň (ÝDS) geçiriljek senesiniň epidemiologik ýagdaýyň erbetleşmegi sebäpli yza süýşürilmeginiň mümkindigi bellenildi, ýöne heniz bu mesele boýunça anyk çözgüt ýok. Öň Bilim Ministrligi ÝDS-ni 8-nji iýuna geçirdi. Mundan başga-da esasy döwlet synaglarynyň (EDS) möhletleri hem gözden geçirildi, dokuzynjy synplaryň uçurymlary üçin synaglar 9-njy iýundan başlar. Öňüni almak maksady bilen edara sebitlere okuwçylary distansion bilim bermä geçirmegi maslahat berdi.
Öň, Prezidentiň permany boýunça, tutuş apreliň iş güni däl diýlip yglan edilendigi habar berildi.