Korporatiw ýollanmasynda Tesla koronawirus sebäpli önümçiligiň peselmegi bilen baglylykda ähli işgärleriniň aýlyklaryny azaltmaly bolýandygyny hem-de uzak işläp bilmeýänleri we möhüm wezipäni eýelemeýänleri tölegsiz rugsada ibermeli bolýandygyny habar berdi, bu barada CNBC telekanalyna salgylanmak bilen dev.by habar berýär.
Kompaniýa bu çäreleri 13-nji aprelden iş ýüzüne geçirip başlar. Şu ýylyň ikinji çärýeginiň ahyryna çenli wise-prezident derejesindäki Tesla-nyň menejmenti we ondan ýokarkylar ABŞ-da 30% az aýlyk alarlar, bölümleriň müdirleriniň we ondan ýokarkylaryň aýlyklary 20% azalar, galan ähli işgärleriňki 10% azaldylar. Şeýle kemeltmeler daşary ýurt işgärlerine-de degişli edilip bilner.
Mundan başga-da, kompaniýa sagatlaýyn tölenýän zähmet haklarynyň möçberini hem, şeýle-de işgärlere aksiýanyň berilmegini hem wagtlaýyn bes eder.
Tesla ABŞ-daky kärhanalarynda önümçiligi 4-nji maýa çenli doly derejede dikeltmegi meýilleşdirýär.
San-Fransiskonyň çäklerine karantin girizilenden soň, Tesla 23-nji martdan özüniň Frimontdäki esasy kärhanasyny wagtlaýyn ýapdy. Ol Nýu-Ýorkdaky Buffalo kärhanasynda hem gün batareýleriniň önümçiligini doly saklady. Newadadaky ägirt fabrika bolsa koronawirus ýagdaýyna garamazdan, heniz işini dowam etdirýär.
Tesla aýlyklary kemeldýär, işgärleriň bir bölegini bolsa tölegsiz rugsada iberýär
10.04.2020, 23:353,222