ABŞ koronawirus boýunça karantini 2022-nji ýyla çenli uzaltmagy ahmal

16.04.2020, 09:5113,670

Koronawirus boýunça karantin amerikanlar üçin 2022-nji ýyla çenli uzalyp biler. Bu barada tvc.ru habar berýär. Sosial distansiýa boýunça çäreleri, şol sanda mekdepleriň ýapylmagyny gowşatmagy Garwardyň alymlary maslahat bermeýärler. Olar häzirki wagtda COVID-19 we beýleki koronawiruslar barada belli zatlara esaslanmak bilen pandemiýanyň güýçlenmegi mümkin diýip pikir edýärler. “Eger-de ýokary derejeli terapiýanyň mümkinçiligi artmasa ýa-da bejergi, sanjym elýeterli bolmasa, belli bir aralygy saklamak boýunça çäreler 2022-nji ýyla çenli zerur bolar. Hatda keseliň aýrylan ýagdaýynda-da koronawirusa bolan epidemiologik gözegçiligi saklamaly, sebäbi infeksiýa ýaýrawy 2024-nji ýylda hem dikelip biler” – diýip CNN telekanaly Garward mekdebiniň barlagçylarynyň sözüni getirýär. Alymlar ähli çäklendirmeler aýrylsa, wirus gaýtadan ýüze çykar diýip pikir edýärler. Olar adaty durmuşa dolanmaga howlukmazlygy maslahat berýärler. Sosial distansiýa çäreleriniň çalt ýatyrylmagy epidemiýanyň ýokary derejesini ýüze çykaryp, onuň güýçlenmegine getirip biler diýip barlagçylar belleýärler.
Olar pandemiýanyň ösüşiniň kompýuter modelirlemesiniň netijeleri bilen şeýle pikire geldiler. Alymlaryň pikiriçe, wirus adaty dümew ýaly ornaşar we onuň ýaýrawy möwsümleýin bolup geçer. BSGG-niň maglumatlary boýunça, infeksiýanyň iň ýokary derejesi heniz bolup geçmedi. 
Hasaplamalara laýyklykda, dünýäde 2 mln-dan gowrak keselleme ýagdaýy bellige alyndy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.