Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellenildi

21.04.2020, 23:1112,923

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, Sülgün Jumageldiýewna Ataýewa başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany bilen, Hojamyrat Geldimyradow Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellenildi.