Donald Tramp G7 sammiti sentýabr aýyna süýşürdi

31.05.2020, 18:473,650

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp uly «ýediligiň» sammitini iýun aýynyň ahyryndan sentýabr aýyna geçirdi we oňa Russiýany, Günorta Koreýany, Awstraliýany we Hindistany çagyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Waşingtonyň resmi gullugy habar berýär, diýip Trend agentligi TASS-a salgylanýar.
«Ol [prezident] (Floridadan dolananda žurnalistler bilen söhbetdeşliginde – TASS düzed.) aýdan sözlerini ulanmaga rugsat berdi. Ol sammiti sentýabr aýyna çenli yza süýşürýär we oňa Russiýany, Hindistany, Awstraliýany we Günorta Koreýany çagyrmagy meýilleşdirýär» - diýip metbugat gullugy habar berýär.
«Men «ýediligiň» dünýäde bolup geçýän zatlary dolulygyna açyp görkezýändigini görüp bilmeýärin. Bu döwletleriň örän könelişen topary» - diýip, Trampyň aýdanlaryny žurnalistler getirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.