BSGG-niň wekiliýeti Türkmenistana «Türkmenhowaýollarynyň» ýörite uçary bilen gelýär

06.07.2020, 18:2829,292

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýeti şu gün agşam «Türkmenhowaýollarynyň» ýörite uçary bilen Türkmenistana ýola düşer. Bu barada Turkmenportal BSGG-niň sebitleýin direktory Hans Klýugeniň Twitterdäki resmi hasaby arkaly beren habaryna salgylanyp belleýär.
BSGG-niň wekilleri Türkmenistanda işlän günlerinde ýokary we ýerli guramalar tarapyndan COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy meýilleşdirýärler. Wekiliýetiň düzüminde umumy saglygy goraýyş we epidemilogiýa boýunça halkara derejeli bilermenleriň 5-si bolar.
Häzir Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly ýekeje ýagdaý hem hasaba alynmady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.