«Altyn asyr» Gündogar bazarynyň işi wagtlaýyn çäklendirilýär

13.07.2020, 09:2134,345

Arassaçylyk, zyýansyzlandyryş we öňüni alyş çärelerini geçirmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 13-nji iýulyndan başlap, Aşgabat şäherindäki «Altyn asyr» Gündogar bazarynyň işi wagtlaýyn çäklendirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
“Altyn Asyr” Gündogar bazary - Türkmenistanda bazarlaryň arasynda iň ulusydyr. Ol Aşgabadyň eteginde, Çoganly ýaşaýyş toplumanda ýerleşýär. Ol 2011-nji ýylda 154 gektar meýdanda türkmen haly göli görnüşinde guruldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.