«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi işini wagtlaýyn bes edýär

13.07.2020, 13:5933,987

2020-nji ýylyň 13-nji iýulyndan Aşgabatdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi wagtlaýyn ýapylýar. Bu ýerde sanitar arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri geçiriler. Bu barada Turkmenportal agentligi merkeziň sowal-jogap gullugyna salgylanyp habar berdi.

Häzir merkezdäki söwda nokatlaryndan diňe «Kämil» söwda zynjyry işleýär. Onuň mobil programmalar arkaly onlaýn hyzmat hem berýär.
Şeýle hem onlaýn söwda üçin Giper programmasyndan peýdalanyp bilersiňiz.
2014-nji ýylda açylan «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi 10 ýyl abadançylyk we Atatürk köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Ol diňe bir türkmen paýtagtyndaky däl, tutuş ýurtdaky iň iri köpugurly söwda merkezleriniň biridir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.