Ýolagçylar COVID-19-yň ýoklugy baradaky güwanamasyz Türkmenistana uçup bilmez

06.08.2020, 01:1257,728

Türkmenistana uçýan awiagatnawlaryň ýolagçylary özlerinde COVID-19 ýokanjynyň ýokdugy baradaky güwanamasy bolmadyk ýagdaýynda uçuşa goýberilmez. Bu çäklendirme Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň ählisine degişlidir. Bu barada Turkmenportal habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu çäklendirme çäresi ýiti öýken sowuklama keselini döredijileriň Türkmenistana getirilmeginiň we ýaýradylmagynyň öňüni almak maksady bilen ýerine ýetirilýär.
Goşmaça maglumaty şu salgylardan alyp bilersiňiz:
Tel.: 39-17-17 / 39-17-18 / 39-17-20.
Elektron poçta: hgbgsoragjogap@online.tm

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.