Türkmenistan Owganystana COVID-19-a garşy göreş üçin lukmançylyk enjamlaryny iberdi

12.08.2020, 19:0229,645

Şu gün Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna koronawirus pandemiýasyna garşy göreş üçin lukmançylyk enjamlaryň toplumlary görnüşindäki nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetine muzdsuz bermek tabşyrylypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.