Minskden we Moskwadan türkmen raýatlaryny getirmek üçin ýörite uçuş guralar

04.09.2020, 17:5022,886

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli wagtynda öýlerine gaýdyp bilmedik türkmen raýatlaryny tapgyrlaýyn ýurdumyza alyp gaýtmagyny dowam etdirýär.

Indiki ýörite uçuş ýekşenbe güni - 6-njy sentýabrda Aşgabat — Minsk — Türkmenabat ugry boýunça amala aşyrylar. Geljek hepde, ýagny 8-nji sentýabrda bolsa Moskwada galan türkmen raýatlarynyň alnyp gaýdylmagyna garaşylýar. Uçuşlar Boeing 777-200 uçarynda amala aşyrylar. Bu barada ORIENT habar berýär.
Ýurdumyza gelenden soňra, ähli raýatlar Türkmenabatda lukmançylyk gözegçiligi astynda 14 gün hökmany karantinde bolarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.