Gruziýadaky türkmen raýatlary Azerbaýjanyň üsti bilen Watanymyza getiriler

23.10.2020, 05:328,466

Koronawirus ýaýrawy bilen baglylykda, çäklendiriji çäreler zerarly daşary ýurtlarda galan Türkmenistanyň raýatlaryny tapgyrlaýyn Watanymyza getirmek boýunça işler dowam edýär.

ORIENT-iň habar bermegine görä, ýakyn wagtda Gruziýadan Watanymyza 50 sany türkmen raýaty getiriler. Munuň üçin watandaşlarymyz Azerbaýjanyň üsti bilen üstaşyr geçip, şol ýerden Türkmenistana Türkmenbaşy – Alýat – Türkmenbaşy ugry boýunça Hazar deňzinde gatnaw edýän parom gämisi arkaly dolanarlar.
Dolanyp gelenlerinden soň, raýatlarymyz hökmany iki hepdelik karantin geçerler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.