«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny 31-nji ýanwara çenli uzaltdy

30.12.2020, 13:5829,850

«Türkmenhowaýollarynyň» Russiýa Federasiýasyndaky edarasy COVID-19 pandemiýasy zerarly hem-de ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, awiakompaniýanyň 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli halkara gatnawlarynyň ählisiniň ýatyrylmagynyň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berdi.

Petekler 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket edýär. Ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary bellenilen seneden öň islendik uçuş üçin petegini çalşyp bilerler. Munuň üçin uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşmaly we alyş-çalyş üçin petek satyn alnan ýeri bilen habarlaşmaly. Syýahat amala aşyrylmasa, ýolagçy şol bir wagtyň özünde puluny yzyna gaýtaryp bermek üçin ýüz tutup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.