Ýewropada ulanylan lukmançylyk geýiminden we örtüginden ýangyç öndürilýär

14.01.2021, 19:559,764

Galisiýada (Ispaniýa) koronawirusly hassalar bilen işleşýän lukmançylyk işgärleriniň ulanan maskalaryndan, elliklerinden we gorag lybaslaryndan ýangyç öndürilip başlandy. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Bularyň hemmesiniň düzüminde plastmassanyň bardygy habar berilýär. Önümçilik döwründe bu galyndylaryň potensial howpunyň bardygy üçin olar Selsiýa boýunça 850 gradusa çenli gyzdyrylýar, ýogsa plastmassany ýangyja öwürmek üçin ony, adatça, 400 gradus gyzdyrmak hem ýeterlikdir.
Lukmançylyk galyndylaryndan alnan ýangyç jaýlary ýylatmakda, şeýle hem agyr senagatda, mysal üçin, sement öndürmekde ulanylýar.
Ýangyç öndürmekde ulanmak üçin Galisiýanyň bary-ýogy 3 hepdäniň dowamynda COVID-19 bilen baglanyşykly 70 tonnadan gowrak lukmançylyk galyndylaryny ýygnandygy habar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.