BioSerenity kompaniýasy COVID-19-y ýok edýän gorag örtügini döretdi

19.02.2021, 16:4714,879

BioSerenity fransuz kompaniýasy koronawirusyň täze görnüşini ýok etmäge ukyply gorag örtügini döredendigini mälim etdi. Bu barada BFMTV teleýaýlymyna salgylanyp, gazeta.ru habar berdi.

Kompaniýanyň bu önümi dört gatdan ybarat. Olaryň biriniň iki molekulaly bakterisid we wirusa garşy göreşijilik häsiýeti bar. Bu gorag guraly howa-damja ýoly arkaly geçýän wiruslaryň öňüni almaga we olary öldürmäge ukyplydyr.
Kompaniýanyň metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, örtük ​​öz-özüni hem zyýansyzlandyryp bilýär, netijede ol daşky gurşawa düşäýende hem howply bolmaz.
Şeýle örtük ​​Lilliň Uniwersitet hassahanasynyň, Milli saglyk we lukmançylyk barlaglary institutynyň we Milli ylmy gözleg merkeziniň hünärmenleri tarapyndan hem işlenip taýýarlanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.