10-12-nji oktýabrda Aşgabatda saglygy goraýyş boýunça halkara maslahat geçiriler

21.07.2021, 15:426,458

Şu ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Maslahatyň geçirilýän günlerinde döwrebap lukmançylyk tehnikalarynyň, lukmançylyk maksatly serişdeleriň we derman serişdeleriniň halkara sergisi hem guralar. Ýokanç we ýokanç däl keseller, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, hirurgiýa, jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa bilen bagly meseleler halkara maslahatyň gün tertibinde garaljak esasy ugurlar bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.