Täze kesel ýaýrawynyň öňüni almak maksady bilen Uhanyň ähli ýaşaýjylary COVID-19 üçin barlagdan geçiriler

04.08.2021, 15:4820,375

Ýakynda ýüze çykarylan ýerli kowid ýagdaýlary bilen baglanyşykly we epidemiýanyň öňüni almak maksady bilen Hytaý häkimiýetleri bir ýarym ýyldan gowrak mundan ozal pandemiýanyň ilkinji merkeziniň dörän ýeri bolan Uhanyň ähli ýaşaýjylary üçin koronawirus barlagyny gurnarlar. Bu barada şäher administrasiýasynyň baş sekretarynyň orunbasary Li Tao aýtdy diýip, TASS belleýär.

“Biz ähli ýaşaýjylary koronawirus üçin gyssagly barlagdan geçirmek işlerine başlaýarys, ony gysga möhletde tamamlamagy meýilleşdirýäris we biz mümkin boldugyndan çalt hereket ederis” – diýip, ol metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Hytaýda epidemiki ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli, Uhana ýanaşyk ýerleşýän Hubeý welaýatynda soňky birnäçe aýyň içinde ilkinji gezek ýokanjy kabul eden adamlar ýüze çykaryldy. Bu sebitde eýýäm 14 şeýle ýagdaý (şol sanda alamatsyz göterijiler) hasaba alyndy, şolardan 8-si – Uhanda.
Hytaýyň 2021-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň netijelerine görä, Uhanyň ilaty 12,3 mln adamdan geçýär.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.