Hytaýly alymlar sakyrtga çakanda geçýän täze wirusyň üstüni açdylar

Şu gün, 13:391,176
1 / 2

Hytaýly alymlar ýokançly sakyrtganyň çakmagy bilen geçýän täze wirusyň üstüni açdy. Wirus trombositopenik sindromy (SFTS) we agyr ysytma meňzeş alamatlary döredýär.

Bu barada The New England Journal of Medicine lukmançylyk žurnalynda habar berildi.

Täze wirusa aziýa uzynaýakly sakyrtga nairowirusy (ALTNV) diýlip at berildi. Ol ortonairowiruslar urugyna degişlidir. Alymlar bu wirusy SFTS alamatlary bolan näsaglary barlagdan geçirýän wagtlary ýüze çykardy. Näsaglaryň 30%-den gowragynda bu keseliň esasy sebäpkäri bolan Dabie bandawirusy (DBV) tapylmady. Bu bolsa alymlara başga bir wirusy gözlemäge itergi berdi.

ALTNV hem Dabie bandawirusy ýaly, ýokançly sakyrtganyň çakmagy arkaly adama geçýär. Ýokuşan näsaglarda, esasan, dümewiň alamatlaryna meňzeş ýagdaý, ysgynsyzlyk we aşgazan-içege ýollarynyň bozulmalary, şeýle-de käbir ýagdaýlarda trombositleriň sanynyň azalmagy ýüze çykýar.

Häzirlikçe ALTNV-niň özbaşyna adamyň ölümine sebäp bolup bilýändigi anyklanmady. Emma ALTNV bilen Dabie bandawirusy bir wagtyň özünde ýokuşan 38 näsagyň ýedisi aradan çykdy.

Alymlar täze wirusyň aýratynlyklaryny, onuň döredýän ýokanjynyň nähili geçýändigini we saglyga ýetirýän täsirini has gowy öwrenmek üçin goşmaça barlaglaryň zerurdygyny belleýär.