Hytaý kompaniýasy dünýäde iň kiçi smartfonlary öndürip başlady

11.08.2021, 18:0419,462
1 / 2

Gonkongda we Hytaýyň bazarynda öňe çykyp ugran özboluşly enjam öndürijisi bolan Mony söwda markasy dünýäde iň kiçi 4G smartfony hasaplanýan gaty kiçi we ýeňil “Mony Mint”-i çykardy. Enjam LTE baglanyşygyny goldaýan 3,3 dýuýmlyk “Palm Phone”-dan birneme kiçi 3 dýuýmlyk duýgur ekran bilen üpjün edilen. Bu barada Astera habar berýär.

"Mony Mint" kaşaň dizaýny bilen özüne çekýär. Elýeterli portlaryň we gapdal düwmeleriň sanynyň azlygy minimalistik dizaýnyň üstüni ýetirýär: onda USB-C portundan daşary diňe sesi dolandyrýan we öçürip-ýakýan düwmeler bar.

Çaklaňja smartfon 3 Gb RAM we 64 Gb içerki ýat bilen üpjün edilip, onuň ýadyny SD kart üçin niýetlenen ýer arkaly 164 Gb-e çenli ulaldyp bolýar. Iki SIM-kartaly smartfon özünde gelýän programmalar bilen hem tapawutlanýar.

“Mony Mint” “Android 9”-da işlär we dünýäniň esasy simsiz ulgamlaryna baglanmaga ukyplydyr. Şeýle hem onuň gapagynyň astynda 1250mAh akkumulýator bolup, ol doly zarýad bilen batareýany 72 sagada (3 gün) çenli işledip bilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.