Bottas Italiýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy

11.09.2021, 04:412,424

“Mersedesden” finlýandiýaly sürüji Waltteri Bottas “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 14-nji tapgyry bolan Italiýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy. Ikinji netijäni onuň ýoldaşy Lýuis Hemilton görkezdi. Üçünji orny “Red Bulldan” niderlandiýaly Maks Ferstappen eýeledi. 

Sprint ýaryşy şenbe güni 19:30-da geçiriler. Tapgyryň programmasy ýekşenbe güni esasy ýaryş bilen tamamlanar (18:00).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.